Dabaraly maslahat geçirildi

5 Fewral 2021
998

Uly tutumlara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her bir güni şatlykly hem şanly wakalar bilen alamatlanýar. Diýarymyza gülüp gelýän ýyllaryň biri-birinden düşümli, üstünlikli bolmagy hem olaryň her biriniň şol ajaýyp jümleleri şygar edinip gelýänligidir.

Şonuň üçinem häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerinde il-günümiziň kalp buýsanjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanyp geçirilýän köpçülikleýin dabaralar unudylmajak pursatlara öwrülýär. Özboluşly medeniýetiň, sungatyň gadymy merkezleriniň biri hasaplanýan gadymy Daşoguz topragynda-da turuwbaşdan uly ösüşlere beslenýän ýylymyza bagyşlanan dabaralar Gahryman Arkadagly eziz Diýarymyzyň gülläp ösýändigini, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.

Gylyçdurdy HAÝDAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri.