Ýylylyk paýlaýanlar

4 Fewral 2021
948

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokary götermek, oňaýly ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda welaýatymyzda uly işler alnyp barylýar. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda ilatyň tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine bu ugra dahylly edara-kärhanalaryň işgärleriniň amala aşyrýan çäreleri aýdyň şaýatlyk edýär. Biz bu babatda amala aşyrylýan işler dogrusynda «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy Begmyrat Amanmedow bilen gürrüňdeş bolduk.

— Begmyrat, häzirki döwürde siziň ýolbaşçylyk edýän edaraňyzyň işçi-hünärmenleriniň üstüne hem uly borçlaryň ýüklenilýändigi düşnükli zat. Sebäbi ýylyň bütin dowamynda etrabyňyzda tebigy gazyň bellenilen ýerlere kadaly ýetirilmegine, onuň howpsuz ulanylmagyna pugta gözegçilik etmek olaryň paýyna düşýär.

Gürrüňdeşligi ýazga geçiren Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».