Rowaç menzilleriň gözbaşy

2 Fewral 2021
1268

«Parahatçylyk» ynsan kalbyna iň ýakyn sözleriň biri. Şonuň üçin parahatçylyk, asudalyk hakynda gürrüň etmegem ýakymly. Aýratyn-da, kalbymyza mähir çaýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda bular dogrusynda söz açsaň has-da ruhlanýarsyň. Şu ýerde ilki bilen bir zada ünsi çekmek isleýäris. Eziz Watanymyzyň parahatçylykda gülläp ösmegi, düýpli özgertmeler netijesinde şäherdir oba-kentlerimiziň keşbiniň has-da gözelleşmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä dolmagy — bularyň bary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Ösüşli menzilleriň gözbaşy hakynda oýlanýarsyň. Elbetde, ynsan bagtly durmuşyň gujagynda döwran sürende, onuň bütin dünýäsini gözellikler gurşap alýar. Parahat durmuşda ähli zat ajaýyp, birek-birege bolan mähribanlyk has-da artýar. Ine, şundan çen tutsaň, ynsan dünýäsi parahat durmuşa, gözellige, mähre teşne. Hut şonuň üçin-de, her bir adam ýaşaýan öýüni, ýurduny ajaýyplyklar bilen bezemäge, berkarar etmäge çalyşýar. Şeýle durmuşy gurmak üçin ilkinji nobatda özygtyýarlylyk zerur. Muňa eziz Watanymyzyň ýurt Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen geçen 30 ýylyň dowamynda ýeten belent sepgitlerine nazar aýlanymyzda has aýdyň göz ýetirýäris.

Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».