Balaryçylyk — düşewüntli pudak

31 Ýanwar 2021
1095

Balarylary adamzat durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Olaryň öndürýän önümleri — bal, mum, ýelim, gül tozanjyklary, balary zäheri (apitoksin) durmuşda giňden ulanylýar we ynsan üçin iň zerur önüm bolup hyzmat edýär. Şeýle-de, balarylaryň oba hojalyk ösümliklerini garşylyklaýyn tozanlandyrmakda we olardan ýokary hasyl almakda ähmiýeti uludyr. Balarylaryň kömegi bilen, miwe we bakja ekinleriniň hem-de ot-iýmlik ösümlikleriň hasyllylygyny 4 — 7 esse artdyryp bolýar.

Balarylar bir gektar gülleýän gowaça meýdanyndan 100 — 300 kilograma çenli bal toplamaga ukyply. Olar pagtany garşylyklaýyn tozanlandyrmak netijesinde onuň hasyllylygyny 40 — 60 göterime çenli ýokarlandyrýarlar.

Gambarguly ÝALKAMYŞOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy, biologiýa ylymlarynyň kandidaty.