Hurmanyň peýdasy

26 Ýanwar 2021
1088

Giçki güýz we gyş paslynyň arzyly önümleriniň biri bolan hurma diňe özüniň süýji tagamy bilen däl, eýsem, ynsan saglygyna peýdalylygy bilen hem bellidir. Ösümligiň dünýäde 500 töweregi görnüşi bolup, onuň iň giňden ýaýrany «korolýokdyr». Häzirki zaman lukmançylygynda hurmanyň ähli görnüşleriniň hem deň derejede peýdalydygy ykrar edilýär.

— Hurma beta-karotine, A witamine, ýoda, şeýle-de ýürek kesellerini bejermekde peýdaly bolan magniý we kaliý elementlerine örän baýdyr.