Sport diplomatiýasy dabaralanýar

2 gün öň
44

Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär, halklary we döwletleri jebisleşdirýär. Şunda täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy toplumlaýyn özgertmek babatda amala aşyrylýan işleriň oňyn netijeleri berýändigi buýsançly hakykatdyr. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan bu hoş habar ähli halkymyza, aýratyn hem, ýaş nesillere egsilmez ruhy joşgun bagyşlady. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.

Gülbossan ORAZOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.