Arkadagyň «akylly» şäheri — Watanyň şan-şöhraty

12 Sentýabr 2024
22

7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara serginiň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan Arkadag şäheri ýörite baýraklaryň 3-sine mynasyp boldy.

«Arkadag»