Arkadagyň ak ýoly bilen

11 Sentýabr 2024
24

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bedew bady bilen barýan eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriniň halkymyz we onuň bähbitleri, abadançylygy baradaky aladalardan gözbaş alýandygyny ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän taslamalar, alnyp barylýan durmuş ugurly işler aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda nebit-gaz, aragatnaşyk, elektrik, ulag geçiriji desgalaryny işe girizmek we badalga bermek dabaralary hem ýokarda aýdanlarymyza buýsançly mysaldyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Ak ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär. Şunda döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda goňşy ýurtlar, hususan-da, Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen-owgan gatnaşyklary özara hormat goýmak, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar.

«Esger».