Iň tapawutlanan «akylly» şäher

9 Sentýabr 2024
41

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri «World Smart City Expo» sergisinde 3 sany baýraga mynasyp boldy

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, ýakynda «World Smart City Expo» atly halkara sergä gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan, Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdeleriniň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlaryň işleri bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde wekiliýet agzalary myhmanlary Arkadag şäherine bagyşlanan sergi bölümi bilen tanyşdyrdylar. Netijede, ýurdumyzyň «akylly» şäheri 3 sany baýraga mynasyp boldy.

«Nesil».