Sport — parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi

9 Sentýabr 2024
38

Gahryman Arkadagymyz Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistan we Gazagystan strategik hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga, şol sanda sport ugry boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna bar bolan mümkinçilikleri doly derejede işe girizmäge taýýardyklaryny görkezýärler. 8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

«Nesil».