Baky bagtyň şuglasy

8 Sentýabr 2024
165

Garaşsyzlyk — beýik ösüşler bilen öňe barýan halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň gözbaşydyr. Häzirki günlerde beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna barýarys, bu baýram mynasybetli guralýan dabaralar ýürekleri joşdurýar. Halkymyz mukaddeslik baýramyna toý sowgatlary bilen barýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda asyrlara barabar işler amal edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň belent derejelerine eýe boldy. Ýurdumyzy ähli tarapdan ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda belent sepgitlere ýetildi. Täze kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi, bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi, önümçilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrdy. Munuň özi döwletimiziň dünýädäki abraý-mertebesiniň beýgelmegine getirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, dürli ulgamlarda döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Hut şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwürde bilim-terbiýe alýan, hünär öwrenýän ýaşlaryň Garaşsyzlyga guwanjy hem buýsanjy çäksizdir. Olaryň dünýä derejesinde bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, Garaşsyz Watanymyza wepaly nesiller bolup ýetişmekleri barada döwlet derejesinde aladalar edilýär. Ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri baradaky edilýän aladalara oňat düşünip, dürli hünärlerden baş çykarmaga çalyşýarlar.

Nurguly SARYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.