Iş maslahaty geçirildi

6 Sentýabr 2024
36

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň dowamynda welaýat häkimleri özlerine degişli sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna başlamaga ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary, ýygymda işlediljek kombaýnlary we hasyl daşamakda ulanyljak awtoulaglary möwsüme doly taýýar etmek babatda degişli işler geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişinde ulanyljak ähli ekiji gurallar, oba hojalyk tehnikalary taýýar edilip, häzirki wagtda gerek bolan bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri üstünlikli ýerine ýetirilýär.

«Watan».