Formula 1 boýunça möwsümiň 16-njy ýaryşy Italiýanyň Monza şäheriniň adybir trassasynda geçirildi. 53 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda ýer eýesi «Ferrari» toparynyň monakoly sürüjisi Şarl Lekler ýeňiji boldy. Ol 4-nji hatardan başlan ýaryşy 1 sagat 14 minut 40,724 sekuntda tamamlap, möwsümdäki 2-nji, karýerasy boýunça-da 7-nji ýeňşini gazandy. «Ferrari» topary Monzada soňky gezek 2019-njy ýylda ýene-de Lekler bilen ýeňiş gazanypdy.
Ýaryşda 2-3-nji orunlary «MсLaren» toparynyň sürüjileri eýeläp, awstraliýaly Oskar Piastri ýeňijiden 2,664 sekunt, ýaryşda ilkinji bolup bat alan britaniýaly Lando Norris çempiondan 6,153 sekunt yza galdy. Lekleriň ispaniýaly topardaşy Karlos Saýns Junioryň 4-nji bolan ýaryşynda «Mercedes» toparynyň britan piloty Lýuwis Hamilton 5-nji, sürüjileriň sanawynyň lideri, «Red Bull» toparynyň niderland piloty Maks Werstappen 6-njy ýeri eýeledi. Werstappene 6 ýaryşdan bäri ýeňiş gazanmak başardanok.