Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz Watanymyzy senagat taýdan ösen ýurda öwürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça öňde goýan belent wezipeleri halkymyzyň doly goldawyna mynasyp bolýar. Türkmenistanyň her bir raýaty öz zähmet çekýän pudagynda ýadawsyz zähmeti bilen Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine mynasyp goşandyny goşýar.
Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan ösüşler Türkmenistany parahat, asuda, abadan ýurda öwürdi. Ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, elektroenergetika, dokma senagaty, himiýa pudagy, syýahatçylyk ýaly ugurlarda giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar.