Halk Maslahaty: Garaşsyzlygyň berkararlyk binýady

5 Sentýabr 2024
92

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramyny garşy alýan günlerimizde geçilen ýola, bitirilen beýik işlere göz aýlap, hakydamyzda orun alan ýatlamalary gaýtadan seljerip görýäris. Şonda biz bu döwrüň üýtgeşikdigine, beýikdigine, şöhratlydygyna has çuň akyl ýetirýäris. Ýyllar türkmen paýhasynyň asyrlardan kök alýan çuňluklaryny, geljege barýan nurana ýollara şöhle saçýan gymmatlyklaryny ýüze çykarýar, dünýä ýaýýar. Türkmeniň tutýan ýolunyň umumadamzat ähmiýetli, dogry ýoldugy ykrar edilýär.

Döwürleri döwür edýäniň, halkyň taryhyny şan-şöhrata besleýäniň beýik şahsyýetlerdigi gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän mizemez hakykatdyr. Bu hakykatyň anyk beýanyny garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler aýdyň görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz çuňňur pähim-paýhasy, ýiti akyly, öňdengörüjiligi we köptaraplaýyn sowatlylygy bilen döwrümiziň beýik ösüş ýoluny pugta esaslandyryp, türkmen halkyny mertebeli, abraýly millet derejesinde dünýä tanatdy.

Amanbibi MUHAMMEDOWA,
žurnalist.