Watany söýmegiň berk binýatly mekdebi

5 Sentýabr 2024
59

2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda — Watan goragçylarynyň gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda düýbüni tutmak dabarasy geçirilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň açylyşy köňüllere şatlyk nuruny çaýdy.

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň maksatlaryny geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaklyga gönükdiripdirler» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp jümläniň taryhy hakykatdygyny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, Watany söýmekligiň berk binýatly mekdebini sowgat bermek bilen ýene-de bir ýola subut etdi.

«Adalat».