Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

5 Sentýabr 2024
42

Gadam AŞYROW,
polisiýanyň kapitany:

— Ýurdumyzyň lukmançylyk edaralary ekologik taýdan arassa, hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän, ýerli çig mallardan öndürilýän lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edilýär. Bu ugurda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň orny aýratyn bellärliklidir. Ýakynda kärhana tarapyndan 6 aýdan uly bäbejikler üçin goşmaça iýmit bolan süýtli çaga şülesiniň 4 görnüşiniň öndürilip başlanmagy halkymyzy ýokary hilli, tebigy harytlar bilen üpjün etmek ugrundaky işleriň üstünliklere beslenýändigini aňladýar. Düzümi mikro we makro elementlere, witaminlere baýdygy, taýýarlanylyşynyň aňsatdygy bilen tapawutlanýan bu önümler  Diýarymyza import edilýän önümleriň mukdaryny ep-esli azaldar. Milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi we kuwwatlanmagy hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly çözgütleriniň, halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň netijesidir.