Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

5 Sentýabr 2024
43

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Gün tertibine Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň başyndan bäri Milli goşunymyzyň bölümlerinde alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.