Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

5 Sentýabr 2024
84

Aşgabat, 4-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Gün tertibine Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň başyndan bäri Milli goşunymyzyň bölümlerinde alnyp barlan işler, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek babatda görülýän çäreler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde giriş synaglarynyň üstünlikli geçirilendigi, şanly sene — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görülýändigi barada aýtdy.