Maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär

5 Sentýabr 2024
41

30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ugurlary boýunça 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işler hakynda hasabat berdiler. Çykyşlarda ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler, ýangyç-energetika toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, oba hojalyk pudagynda, gurluşyk-senagat toplumynda amal edilen işler, söwda toplumynda, medeniýet ulgamynda alnyp barlan işler, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan dürli çäreler, ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler, amaly lukmançylyga öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylyşy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyrylandygy barada aýdyldy. Mejlisiň barşynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle-de ulag we kommunikasiýalar toplumynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berildi.

«Arkadag»