Pederlerimiziň şöhratly ýollary

4 Sentýabr 2024
43

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli watançylyk, wepalylyk, ýurduň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda açylan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumy hem munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, bu toplumyň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda — Watan goragçylarynyň gününde geçirilipdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. Oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy, netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri hökmünde yglan eden Türkmenistan diňe goranyş häsiýetli, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmäge, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirýär.

Ýörite habarçymyz.