Il-ýurt bähbitli oňyn işler

4 Sentýabr 2024
43

Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýuna hem-de Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar. Bu şanly senelere barýan ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Şu döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de şu döwürde ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bular barada şu ýylyň 30-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde giňişleýin aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, mähriban halkymyzyň joşgunly, tutanýerli zähmeti esasynda jemgyýetimizde hem-de ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler täze ösüşlere badalga berýär. Mejlisdäki hasabatlardan mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artyp, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda mejlisde milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri durmuşa geçirmegiň wajypdygy bellenildi. Şunda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamaga möhüm ähmiýet berilýär.

«Esger».