Bol hasyl alynýar

3 Sentýabr 2024
58

Megerem, tomusda ýetişýän bakja önümleriniň arasynda iň köp küýselýänleriň biri garpyz bolsa gerek. Suwsuzlygyňy gandyrýan, birentek syrkaw-sökellikden saplanmaga kömek edýän, iýseň tagamy agzyňdan gitmeýän köz ýaly garpyzlary işden aryp gelip, günortan ýa agşamara nahardan öň ýa soň iýseň hem onuň lezzeti üýtgeşik. Hormatly Prezidentimiziň azyk bolçulygyny pugtalandyrmak baradaky görkezmelerinden ugur alyp, bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmäge uly üns berip, bazar bolçulygyny döredýänler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem az däl. Baýramaly etrabynda iki-üç ýyl mundan ozal «Tebigat keramaty» atly hususy kärhanany esaslandyryp, pagta, bugdaý, bakja ekinlerinden, gawun-garpyz ýaly behişdi nygmatlardan bereketli hasyl alýan göreldeli ekerançy hökmünde adygyp başlan Orazgeldi Kümmäýew öz telekeçi ýoldaşlary bilen Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda yhlasly işleýär. Bu hususy kärhananyň ekerançylary geçen ýylyň güýzünde 274 gektar meýdana bugdaý ekip, şu ýyl her gektardan 35 sentnerden hasyl aldylar. Häzir bu ýerde işleýän adamlaryň bir topary 15 gektar meýdanda garpyz ýetişdirýär. Ala garpyzlar bazarlara, dükanlara, alyjylara ulaglar arkaly ugradylýar, ilata hödürlenýär. Hususy kärhananyň garpyzlaryna isleg uly.

— Garpyz türkmen halkynyň naz-nygmatlarynyň arasynda mynasyp orun tapan bakja önümleriniň biri. Biz bu ekine höwes bilen hyzmat edip, bol hasyl alýarys — diýip, ady agzalan kärhananyň direktory Orazgeldi Kümmäýew aýdýar.

Döwlet MUHAMOW,
Garagum etrabynyň Ýagty ýol şäherçesiniň ýaşaýjysy.