Maldarçylykda innowasion tehnologiýalaryň orny

3 Sentýabr 2024
161

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda gara mallaryň sagdynlygyny gazanmakda we önümliligini artdyrmakda geçirilýän weterinar çäreler ähmiýetliligi bilen tapawutlanýarlar. Çünki oba hojalyk mallaryny ýokanç we parazit kesellerden gorap saklamak maldarçylykda esasy wezipeleriň biri hasaplanýar. Biz hem mallaryň gelmintoz keseli bilen baglanyşykly maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Türkmenistanda gara mallaryň 95 göterimi hususy, iri bolmadyk fermalarda saklanýar. Ýurdumyzyň howa şertleriniň mallary saklamaga amatlydygy üçin mallar köplenç, bassyrma görnüşli jaýlarda ýa-da üsti kölegeli aýmançalarda saklanýar. Daşoguz welaýatynda gyşyň has sowuk bolýandygy sebäpli, göleleriň üşemezligi üçin ýyly jaýlar gurulýar, uly mallar bolsa köplenç, bassyrmada saklanylýar. Mallary tomsuň yssysyndan goramak üçin aýmançalarda telär gurup, kölege edilýär. Häzir köp hojalyklarda gara mallary örüde (öriýatak usuly) bakyp saklaýarlar. Öriniň oty ýeterlik bolanda mal bakmagyň ykdysady netijeliligi pes bolmaýar, ot arzan, idegi ýeňil bolýar. Sygyrlaryň önümliligini ýokarlandyrmak, ýaş mallaryň tiz ösmegini gazanmak üçin diňe örüde bakmak ýeterlik däl, olara kada görä iýmitlendirmek maksady bilen, goşmaça ot-iým bermeli bolýar. Bäherden etrabynyň «Saýwan» daýhan birleşiginde şwiszebuşarole gatyşyk öküzçeler öri şertlerinde bakylanda, 18 aýlykda 358 kilogram, goşmaça iýmlendirilende 430 kilogram, ýörite semredilende bolsa, 502 kilograma ýetýändigi anyklanyldy. Şoňa görä, gara mallaryň önüm berijilik mümkinçiligini doly ulanmak üçin olary öriniň ýagdaýyna baglylykda goşmaça iýmitlendirmek zerurdyr.

Aşyrgeldi AGABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.