Aşgabadym — baky bagtym, buýsanjym!

2 Sentýabr 2024
95

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy barha golaýlaýar. Her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolan bu şanly senäniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky dabaralarynyň aýratyn many-mazmuna beslenjekdigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Çünki halkymyz bu ýyl Garaşsyzlygyň toýuny üç asyrlap ýurt berkararlygyny arzuwlan dana Pyragynyň ýubileý senesi bilen bilelikde toýlaýar.

Bu günki gün Ýer ýüzünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýlende dünýä jemgyýetçiliginiň göz öňünde, ilki bilen, onuň ak mermere beslenen paýtagtynyň janlanýandygy döwrüň aýdyň hakykatydyr. Paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky batly depginler bilen ösüşi dünýä nusgalykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen başy başlanan toplumlaýyn şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Aşgabat sanlyja ýylyň içinde häzirki kämil keşbine eýe boldy. Her biri özboluşly binagärlik aýratynlygyna eýe bolan merjen şäherimiziň desgalarynyň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Bu kitapda Aşgabadyň öz ady hem aklygyň, mermer öwüşginli binagärligiň nyşany hökmünde orun aldy.

Oguljennet PAŞYKOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.