«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024
Halkymyzyň dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolan milli gymmatlyklary sanalanda türkmen milli göreşiniň hem bu sanawda mynasyp orny bar. Asyrlardan-asyrlara geçip gelýän halypa-şägirtlik ýolunyň üznüksiz dowam etdirilip, şu günki günlerimize gelip ýetmegi bu günki günde halkara derejesindäki sport oýunlarynyň hataryna girizilen milli göreş sungatymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Bu barada söhbet açylanda irki döwürlerde hem halk arasynda at-owazasy alyslara ýaýran atly pälwanlar bolup, ol pälwanlar hem öz yzlarynda ençeme şägirtleri ýetişdirip, göreş sungatynyň dowamatynyň dowam bolmagynda öz goşantlaryny goşupdyrlar. Milli göreş sungatynyň türkmen halkynyň arasynda has giň ýaýrap, juda ýörgünli sport görnüşi bolandygyna YUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň gymmatlyklarynyň sanawyna girizilen «Görogly» şadessanyny okanymyzda has aýdyň göz ýetirýäris. Şadessanyň ilkinji bölümi bolan «Göroglynyň döreýşi» şahasynda ýigit ýetişen Röwşen, ýagny Görogly öz kakasynyň kyrk ýigidi bilen sataşan pursatynda olar bilen göreş tutuşyp, güýç synanyşýar. Şonda Görogly öz gujur-gaýraty, göreş sungatyna ezberligi bilen ýigitleriň synagyndan geçýär. Ýene-de şadessanyň «Öwez getiren» şahasynda Görogly ýetmiş bir sany pälwan bilen göreşmekçi bolýan galandary öňi bilen öz synagyndan geçirip, mazaly göwni ýetensoň oňa orta çykyp göreşmeklige rugsat berýär. Şonuň ýaly-da, şadessanyň «Öwez öýlenen» şahasynda: