Şokolad körpeleriň iň halaýan tagamy bolsa gerek. Bu süýji iýmitiň ata Watany Meksika hasaplanýar. Taryhda ilkinji gezek 2600 ýyl ozal kokosdan şokolad öndürilip başlanýar. Günorta amerikalylar ilkinji bolup, kakao miwesinden şokolad alýarlar. Ilkibaşda şokolad suwuk tagam bolup, bu içimlik dabaralarda we baýramçylyklarda içilipdir. XVI asyrda ispan syýahatçylary Amerika syýahat edenlerinde astekler olara şokoladly içimlikleri hödür edýärler. Üýtgeşik tagamly bu içimligi Ýewropada taýýarlamak üçin ispanlar kakao miwesiniň dänelerini ýany bilen alyp gaýdýarlar. Şeýlelikde, şokolad Ýewropa ýurtlarynda meşhur içimligiň birine öwrülýär.
Şokolad sözi astek dilinde «turşy içimlik» diýmegi aňladýan «xocoatl» sözünden gelip çykýar. Meksikanyň ýerli halky hasaplanýan astekler bu içimlige dürli ysly otlary, gülleri goşup hem taýýarlapdyrlar. Ispanlar ajy tagamly bu içimligi şeker goşup, süýji iýmite öwrüpdirler. Häzirkilere meňzeş gaty şokolad ilkinji gezek 1650-nji ýyllarda Angliýada peýda bolýar. Şol ýyllar Ýewropada şokolad satýan dükanlar açylyp başlanýar. 1700-nji ýyllarda iňlisler bu ajy iýmiti süýt goşup taýýarlap başlaýarlar. Süýtli şokoladlaryň peýda bolmagy bilen isleg has-da ýokarlanyp, şokoladyň miweli, ir-iýmişli görnüşleri hem öndürilip başlanýar.