Bu iý­mit­le­ri gaý­ta­dan gyz­dyryp iýmäň!

30 Awgust 2024
82

Is­len­dik na­ha­ry öz çe­ni­ňe gö­rä bi­şir­mek isripçiligiň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ge­re­gin­den ar­tyk bi­şir­mek hem na­ha­ryň is­rip bol­ma­gy­na, hem-de sag­lyk bi­len bag­ly ýaramaz ýag­daý­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy­na se­bäp bo­lup bi­lýär. Hü­när­men­ler kä­bir iý­mit­le­ri az­rak bi­şir­me­gi, şeý­le hem gaý­ta­dan gyz­dy­ryp iý­mez­li­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Bel­läp geç­me­li esa­sy zat­la­ryň bi­ri hem, ga­lan na­ha­ry mik­ro­tol­kun peç­de gyz­dy­ryp iý­mek sag­lyk üçin zyýanly ha­sap­lan­ýar. Ge­liň, gaý­ta­dan gyz­dy­ryp iýil­me­gi mas­la­hat be­ril­me­ýän kä­bir iý­mit­ler bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

Ys­ma­nak. Ys­ma­na­gyň dü­zü­min­de ýo­ka­ry muk­dar­da nit­rat bar. Bu mad­danyň sag­lyk üçin zy­ýan­syz­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, gaý­ta­dan gyz­dy­ry­lan­da zä­her­le­nip, gan da­mar­la­ry­nyň kis­lo­rod bi­len üp­jün edil­me­gi­ne oňaý­syz tä­si­ri­ni ýe­ti­rip bi­ler. Şol se­bäp­li ys­ma­na­gy, bu ot­dan taý­ýar­la­nan iý­mit­le­ri gaý­ta­dan gyz­dyryp iýmek mas­la­hat be­ril­me­ýär.