Watanyň beýik geljegi

28 Awgust 2024
128

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ýaşlar baradaky alada uly orun berilýär. Bu hakykata biz — ýaşlar bagtyýar durmuşymyzyň her bir pursadynda göz ýetirip gelýäris. Türkmen ýaşlaryna dünýä derejesinde bilim-terbiýe almaga, ylym, hünär öwrenmäge, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döredijilikli we joşgunly zähmet çekmäge ähli şertler hem-de mümkinçilikler döredilýär. Çagalar baglaryndan başlap, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, önümçiligiň we halk hojalygynyň ähli ugurlaryndaky edara-kärhanalaryň häzirki zaman enjamlary bilen doly derejede üpjün edilmegi biziň her birimiz üçin buýsançlydyr. Bular ýaşlara ruhubelentlik we hyjuw berýär.

«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaş nesil hakdaky aladanyň rowaçlyga beslenýändiginiň alamaty hökmünde buýsanjymyza buýsanç goşýar. Maksatnama ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni däp-dessurlary wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete söýgini terbiýelemek, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleri bilen ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny utgaşdyrmak, olaryň jemgyýetçilik we şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek, ýaşlar toparlarynyň isleglerini öwrenmek, hasaba almak we olary kanagatlandyrmak ýaly döwletimiz we jemgyýetimiz üçin möhüm wezipeleri öz içine alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlar üçin geljege nur saçyp, beýik işlere hyjuw döredýär. Ýaşlar özleri baradaky aladany her bir ädimde duýýarlar, durmuşda amala aşyrylýan işleriň mysalynda görýärler. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda ýurdumyzyň kanunynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda ýaşlaryň meseleleri boýunça bölüminiň döredilmegi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi has-da buýsandyryjydyr. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti bilen has ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy türkmen ýaşlarynyň öňünde giň mümkinçilikleri açýar, bu gatnaşyklar guramanyň çäklerinde amala aşyrylýan gyzykly we geljegi uly taslamalara ýaşlary giňden çekmäge, olary höweslendirmäge ýardam berer hem-de ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny giňeltmekde bitirýän hyzmatlarynyň nobatdaky ykrarnamasydyr.

Çynar MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.