Çagalar — röwşen geljegimiz

28 Awgust 2024
76

Berkarar Watanymyzda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan bagtyýar çagalar aýratyn uly üns-alada bilen gurşalýar. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda ak mermerli paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda bu hakykat aýdyň duýuldy. Birnäçe günläp dowam eden halkara sergi-ýarmarkasynda häzirki zaman tehnologiýalaryna, innowasion önümlerine we hyzmatlaryna giň orun berilmegi, çagalaryň ýaş aýratynlygyna laýyklykda dürli harytlaryň hyzmatlarynyň görkezilmegi diňe ýaş nesli däl, eýsem ulus-ilimizi begendirdi. Çünki bu zatlaryň çagalaryň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde uly ähmiýeti bardyr.

Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, medeni-dynç alyş seýilgähleri yzygiderli açylyp, ýaş nesliň ygtyýaryna berilýär. Täze okuw ýylynyň bosagasyndaky häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň işine giň gerim berlip, olarda okuwçylar üçin okuw esbaplarydyr harytlaryň, okuwçy egin-eşikleri elýeterli bahalardan hödürlenýär. Munuň özi hem ýaş nesil hakda edilýän aladalardan nyşandyr.

Zubeýda GURTÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.