Hyýalymdaky ýodalar

28 Awgust 2024
52

Üstünden köp ýyllaryň geçendigine garamazdan, käbir pursatlar göz öňüňde hemişe janlanyp durýar. Şeýle ýagdaýlar durmuşymyzda barmak basyp sanardan köp däl bolsa gerek.

Orta mekdep tamamlanyp, ýokary okuw mekdebine girmek üçin taýýarlyk döwri başlanypdy. Uly höwes bilen öňümdäki synaglara taýýarlyk görýärdim. Şol günlerde synpdaşym hem joram Bägül bilen gije-gündiz diýen ýaly kitap okap, ikimiz hem özümiziň saýlan ugurlarymyz boýunça irginsizlik bilen öwrenerdik. Bägül lukman bolmak isleýärdi, men bolsa kiçiligimden žurnalistika bilen gyzyklanyp, metbugatda ýa-da telewideniýede zähmet çekmek höwesindedim. Günler yzly-yzyna çaltlyk bilen geçip gitdi. Bägül bilen resminamalarymyzy tabşyrmak üçin welaýat merkezine baranymyzda, bizi Aýsoltan gelnejem garşy aldy. Baran günümiz uzak ýoluň ýadawlygyndan soň dynç alyp, ertesi gelnejem bilen resminamalarymyzy tabşyrdyk.

Aýzada MUHAMMEDOWA,
«Balkan».