“Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga

28 Awgust 2024
73

Ählihalk işiniň ähmiýeti

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýollarymyzyň ak, ömrümiziň rahat bolmagyny gazanmak maksady bilen, möhüm meselä uly üns berýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, her ýylyň sentýabr aýynda döwlet derejesinde geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygam doly şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda bu çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen taýýarlyk çäreleri işjeň häsiýete eýe bolýar.