Aýdyň maksatlar rowaç alýar

27 Awgust 2024
229

Ýurdumyzy depginli ösdürmek boýunça kabul edilen meýilnamalary amala aşyrmak babatda yzygiderlilik, dünýäniň hemme ýurtlary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän netijelilik hem-de uzak möhletlilik hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Döwlet Baştutanymyzyň ähli başlangyçlary, durmuş-ykdysady maksatnamalary Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny we rowaçlygyny üpjün etmek strategiýasy bilen sazlaşykly bitewüligi emele getirýär.

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi.

«Ahal durmuşy».