Dertlere derman ary baly

27 Awgust 2024
122

Asylly zähmet — üstünlikleriň açary. Islendik käre yhlas siňdirip, ondan oňat baş çykaryp bilseň, çeken zähmetiň ýerine düşüp, il içinde belent at-abraýyň eýesi bolýarsyň. Edýän işiňe höwesli çemeleşilende bereket çeşmesiniň gözbaşy bol rysgal eçilýär. Her bir işiň özüne ýetik ugur-täri bolup, ony amala aşyrmak üçin zehin, başarnyk, ugurtapyjylyk gerek. Balarylary idetmek ýaly hysyrdyly hem-de zähmeti köp talap edýän jogapkärli iş bilen meşgul bolmak Aždar Abdullaýewiň ýaşlykdan höwes bildiren işidi. Ol uzak ýyllaryň dowamynda üstünlikli zähmet çekip, baý tejribe toplan balçydyr.

A.Abdullaýew balary idetmek işine baş goşan ilkinji günlerinden tejribeli balçylaryň göreldesine eýerip, bu käriň inçe syrlaryny ele almagy başarypdyr. Aslynda, balary idetmek döwri ýaz, tomus, güýz aýlary hasaplanýar. Bu döwürde işewür balçylar ekerançylyk meýdanlarynda bolmak bilen, ynsan saglygyna peýdaly azyk önümi bolan ary balyny taýýarlamak bilen meşgul bolýarlar. Ýaz aýlarynda taýýarlanýan ary baly, esasan hem, meýdan otlarynyň gülüniň şiresinden ýygnalýar. Munuň üçin tejribeli balçylar ýaz aýlarynda gül-pürçüge bürenen meýdana çykyp, dürli ösümlikleriň hasabyna önüm ýygnaýarlar.

Akmyrat MÜRZÄÝEW,
öz habarçymyz.