Dowarlaryň güýz gyrkymy

23 Awgust 2024
185

Kaka etrabynyň maldarlary dowarlaryň güýz gyrkymyna taýýarlykly başladylar. Etrabyň maldarlary häzirki jogapkärli möwsümiň dowamynda dowarlaryň müňlerçesinde güýz gyrkymyny geçirmegi meýilleşdirýärler.

Möwsüme taýýarlykly gelnendigini aýratyn bellemek bolar. Möwsüm üçin amatly ýerleriň saýlanyp alynmagy güýz gyrkymynyň göwnejaý alnyp barylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Möwsümde zähmet çekýänler üçin göwnejaý iş we dynç alyş şertleri döredildi. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň wekilleri bolup, möwsüme gatnaşýan maldarlar bilen duşuşýarys hem-de armalaryny ýetirýäris.

Tawus BEKNAZAROWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy.