Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini, Watanymyzyň beýik ösüş-özgertmelerini ildeşlerimiziň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen Ak bugdaý etrabynda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şu günler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan etrabyň çägindäki medeni ojaklarda, edara-kärhanalarda wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklar, maslahatlar we söhbetdeşlikler guralýar.
Milli “Ak bugdaý” muzeýinde, welaýat kitaphanasynda guralan “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler has-da täsirli boldy. Olaryň barşynda Berkarar döwletiň täze eýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýändigi, ajaýyp üstünlikleriň gazanylýandygy, berkarar Watanymyzyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugtalanýandygy barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.