Koreýa Respublikasynyň mekdepleri «geljegiň synp otaglary» taslamasynyň çäginde emeli aňly okuw gollanmalaryny ornaşdyryp başladylar. 2023-nji ýyldan bäri LG ýurduň 18 mekdebinde eýýäm ýola goýlan şeýle synp otaglaryny döredip başlady. Bu okuw otaglarynda mugallymlara we okuwçylara kömek edip biljek emeli aň bilen enjamlaşdyrylan CLOi adamsypat robotlaryna birikdirilen sanly tagtalar gurnalandyr.
Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrligi emeli aňly sanly okuw gollanmalaryny ornaşdyrmak boýunça meýilnamasyny mälim etdi.