Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Halkymyzyň garaşsyz döwlet gurmak barada köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwynyň hasyl bolanyna şu ýyl 33 ýyl dolýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli 19-20-nji sentýabrda Aşgabatda TIF 2024 maýa goýum forumy we sergisi geçiriler. Bu forum Türkmenistanyň dürli maýa goýum mümkinçiliklerini hödürlemek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çalt çekmek baradaky tekliplere garamak we sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek ýaly bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň geljegini öwrenmek maksady bilen guralýar.
TIF 2024 maksatnamasy hemmetaraplaýyn işlenip düzülen we Türkmenistanyň maýa goýum potensiýaly, sebitleýin energiýa geçişinde ýurduň ýangyç we energetika pudagyndaky orny, ulag aragatnaşygy we durnuklylygy, ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy, sanly ulgamyň özgerişleri, «ýaşyl» ykdysadyýetiň we oba hojalygynyň ösdürilmegi, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ýaly mowzuklary öz içine alýar.