Maşgala mukaddesligine bagyşlandy

15 Awgust 2024
144

Bäherden etrap Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan duşuşyga agzalan guramada zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.

Duşuşykda çykyş edenler bu gün ýurdumyzda gelin-gyzlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmagy ugrunda giň şertler döredilendigini belläp, ýaşlara maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk, agraslyk ýaly asyrlarboýy türkmen zenanynyň süňňüne siňen gözel häsiýetleri ündediler.

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.