Durmuş dogrusyndaky dürdäneler

14 Awgust 2024
84

Durmuşyň maksady — dogry ýaşamak, dogry pikirlenmek we dogry hereket etmek.
Mahatma Gandi.
*  *  *
Halaýan käriňizi saýlaň, şonda ömrüňizde bir gün hem işlemedik ýaly bolarsyňyz.
Konfusiý.
*  *  *
Durmuş özüňi tapmakdan ybarat däl, durmuş özüňizi döretmekdir.
Bernard Şou.
*  *  *
Ömrümiz paýawlap barýarka, biz diňe iki zada: az söýendigimize we az syýahat edendigimize gynanarys.
Mark Twen.
*  *  *
Ýyldyzlara ymtylýan adam yzyna öwrülmeýär.
Leonardo da Winçi.
*  *  *
Ýüregiňizde näçeräk köp söýgi, paýhas, gözellik, hoşniýetlilik döretseňiz, olary daş-töweregiňizdäki dünýäde şonça-da köp görersiňiz.
Tereza ene.
*  *  *
Her kynçylyk güýçlenmek üçin mümkinçilikdir.
Dýuýk Ellington.