Tomusky dynç alyş möwsümi gyzykly we gyzgalaňly dowam edýär. Mähriban çagalar, köpiňiz dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alan bolsaňyz gerek. Tomusky dynç alşyň soňky aýynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dynç alýanlaryňyz hem bardyr. Ýatdan çykmajak pursatlara, wakalara baý tomusky dynç alyşda täze zatlary öwrenensiňiz, dürli oýunlara güýmenip, täze dost tutunansyňyz. Eýsem, täze tutunan dostlaryňyz ýa-da joralaryňyz bilen gowy gatnaşykda bolmak isleýäňizmi? Munuň üçin käbir şertlere üns bermeli. Hünärmenler dostlaryň bilen ýakyn gatnaşykda bolmak üçin şu maslahatlary berýärler:
Meýilleşdirilen duşuşyklar. Dostlaryň bilen her aý öňünden belleşilen günde görşüp, söhbet etmeli. Duşuşygy seýilgähde gezelenç etmek, bilelikde çaý içmek ýa-da onlaýn usulda hem gurap bolar. Eger-de dostuňyz bilen ýakyn ýerde ýaşaýan bolsaňyz, öýüňize çagyryp hem bilersiňiz. Dostlaryň bilen ýygy-ýygydan görüşmek berk we dowamly baglanyşygy döredýär. Şeýle hem siziň akyl we beden taýdan kadaly ösmegiňize ýardam edýär.