NASA «Lunar Gateway» kosmos stansiýasynyň uçurylyşyny tehniki kynçylyklar sebäpli bäş ýyl yza süýşürdi. Bu barada ABŞ-nyň hökümetiniň Ýokary gözegçilik edarasynyň täze hasabatynda mälim edilýär. Stansiýanyň ilkinji elementleri asyl meýilnamada kesgitlenenden bäş ýyl soň – 2027-nji ýylyň dekabryndan gijä galman uçurylar.
«Lunar Gateway» Aýyň töweregindäki galo-orbitada uçmak we adamlaryň Aýa barmagyna gönükdirilen «Artemis» programmasynyň möhüm bölegi bolup hyzmat etmek üçin döredilen kiçijik kosmos stansiýasydyr. «Gateway»-i 2028-nji ýylyň sentýabr aýynda meýilleşdirilýän «Artemis IV» missiýasy üçin işe girizmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de bolsa, stansiýany işe girizmegiň häzirki tertibi missiýany goldamak üçin zerur möhletden eýýäm üç aý yza galýar.