«Boeing» korporasiýasynyň täze baş direktory wezipesine 64 ýaşly Kelli Ortberg bellendi. Ol 8-nji awgustda wezipesine girişdi. Kelli Ortberg mart aýynda işden çekilýändigini mälim eden Deýw Kalhunyň ornuny eýeledi.
Ýolbaşçylygyň üýtgemegi awiakompaniýanyň birnäçe meseleler, şol sanda, paýnamalaryň bahasynyň pese gaçmagy we ikinji çärýekde ýitgiler bilen ýüzbe-ýüz bolan döwri bolup geçýär. Şu ýyl «Boeing»-iň paýnamalary 27 göterim arzanlady, bu bolsa 2020-nji ýyldan bäri iň pes görkezijidir. Kompaniýa heläkçilige we uçuşlaryň uzak wagtlap togtadylmagyna getiren «Boeing 737 MAX» uçarlary hem-de beýleki tehniki bökdençlikler sebäpli çynlakaý päsgelçiliklere duçar boldy.