Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň güni hazarýaka döwletler tarapyndan bellenilýär
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy gojaman Hazaryň kenarynda döredilen ajaýyp ýer bolup, dünýä syýahatçylygynyň merjenidir. Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlup ulanmaga berlen sagaldyş we dynç alyş merkezleri, myhmanhanalar, döwrebap kottejler toplumlary, «Awaza» şypahanasy, «Awaza» akwaparky adamlaryň gowy şertlerde dynç almagy, saglygyny berkitmegi üçin döredilen mümkinçiliklerden nyşan. Bu ýerde dynç almak isleýänleriň sany her möwsümde yzygiderli artýar.