Geňeşli il

7 Awgust 2024
144

Milli demokratik we hukuk ýörelgeleri öz gözbaşyny uzak asyrlardan alyp gaýdýar. Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhyna ser salanyňda, «Köpüň dilegi köl bolar» diýlişi ýaly, türkmen jemgyýetiniň her bir döwletli işi köpçülik bilen maslahatlaşylyp çözülipdir.

Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesinden, ata-babalarymyzyň ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden, milli demokratik ýörelgelerinden ugur alyp, ilatyň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisi demokratik ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.

Bahar SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.