Beýik ösüşleriň rowaçlanýan mekany

7 Awgust 2024
145

Ata Watanymyz saýlap alan döredijilikli daşary syýasy ugry bilen okgunly öňe barýar. Bu syýasatyň nobatdaky döwür üçin esasy ugurlary 2022 — 2028-nji ýyllar üçin degişli Konsepsiýada bellenilendir. Ýer ýüzüniň parahatçylygynda, halklaryň birek-birek bilen ynanyşyp, howpsuz, asuda, abadan durmuşda ýaşamagynda bagtyň hakyky keşbini görüp bolýar. Muňa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky oňyn başlangyçlarynyň älem içre belent ykrarnama eýe bolmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy.

Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boljak taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi Milletler Bileleşigi tarapyndan bu sebite aýratyn uly üns berilýändiginiň alamatydyr. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda gyrgyz topragynda geçirilen konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiz sebitleýin medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň medeni dialogynyň forumynyň işini ýola goýmak baradaky teklibi öňe sürdi. Bu babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek esasy orunda kesgitlenilýär. Şunlukda, bu halkara gurama bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hereketleriniň bilelikdäki meýilnamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. Bu gadymyýetden gözbaş alýan gatnaşyklaryň täze taryhy eýýamda hem medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen baýlaşdyrylýandygyny görkezýär.

Mergen SAPAROW,
Daşoguz şäher ýuridik maslahathanasynyň adwokaty.