Döwletiň hem jemgyýetiň gymmatly baýlygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň işi halkara derejelere laýyklykda kämilleşdirildi we ösdürildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bellenen wezipeleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli ýerine ýetirilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň şeýle derejelere ýetmegine uly itergi berdi.