Işjeňlikde geçdi

6 Awgust 2024
118

Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de etrap halk maslahatynyň guramagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Kararyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alnan maslahata etrap halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary hem-de edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdy.

Maslahatda ýurdumyzyň ösüş-özgertmeleri, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, şeýle-de Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti hem-de döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde, döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermekde onuň möhüm orny barada gürrüň edildi. Şu ýylyň 24-nji sentýabryndaky jemgyýetçilik-syýasy çärä — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlykly barmakda öňde duran wezipeler hakda aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Maşad MAŞADOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň agzasy.