Işiň depgini hem-de hili ýokary

6 Awgust 2024
141

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň däneçilik babatda zähmet üstünliklerine beslenmegine mynasyp goşant goşan Mary welaýatynyň zähmetsöýer gallaçy daýhanlary geljek ýylda alynjak gallanyň güýzki ekişine ekin meýdanlaryny taýýarlamak işine-de berilýän ünsi günsaýyn güýçlendirýärler. Bu babatda Baýramaly etrabynda ýola goýlan işler hem ýörite bellärliklidir. Bu ýerde häzir güýzki däne ekişi geçiriljek meýdanlary şüdügärlemek işi depginli dowam etdirilýär.

Etrap boýunça 2025-nji ýylyň hasyly üçin ekiljek 18 müň 100 gektar ýeri şüdügärlemek meýilleşdirilýär. Bu möhüm agrotehniki çäräniň aýny wagtynda amala aşyrylmagy üçin bolsa gursagy hyjuwdan doly, işeňňir hem tejribeli mehanizatorlara ynanylan tehnikalaryň 20-si bökdençsiz işledilýär. Işiň diňe depginine däl, eýsem, hiline-de uly üns berýän mehanizatorlardan düzülen toparlaryň arasyndaky özara bäsleşik günsaýyn giň gerime eýe bolýar.

Kakageldi MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Baýramaly etrap komitetiniň jogapkär işgäri.