Ýurdumyzda mekdep bazarlary ýola goýuldy

4 Awgust 2024
120

1-nji awgustda paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde däbe görä, mekdep bazarlary işläp başlady. Ykjam söwda nokatlary kanselýariýa harytlarynyň we okuw esbaplarynyň giň görnüşini hödürleýärler.

Täze 2024-2025-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary mekdep lybaslarynyň adaty nusgalaryny satuwa çykardylar. Alyjylara oglanlar üçin eşikler we galstuklar, gyzlar üçin ýaşyl köýnekler we ak öňlükler teklip edilýär. Köp sanly harytlaryň arasynda türkmen tahýalary hem bar.

Aýnur MYRADOWA,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyby.